milli goshun logo
Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty
Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty
02.04.2020 814 Habarlar

1-nji aprelda Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasy çap edilenden soň, ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan, kärhanalaryň we edaralaryň toparlaryndan, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryndan we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowşan tekliplere we belliklere seljerme berildi. Şunda halkara hukugynyň kadalaryna hem-de Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek babatda oňyn halkara tejribesine aýratyn üns berildi.

Ýurdumyzyň iki palataly kanun çykaryjy edarasynyň dörediljekdigi bilen baglylykda, häzirki wagtda hereket edýän «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion Kanuna, «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Kanuna, Saýlaw kodeksine hem-de beýleki birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.