milli goshun logo
«Kompozitor» filminiň nobatdaky halkara üstünligi
«Kompozitor» filminiň nobatdaky halkara üstünligi
14 sagat öň 19 Habarlar

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyna bagyşlandy.

Dabara başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar kinoteatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergi ýurdumyzyň kino sungatynyň taryhyna we ösüşine bagyşlanypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary netijesinde şu ýylyň 15 — 18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleri geçirildi. Köpöwüşginli çärelere beslenen kino günleri şanly ýylyň möhüm medeni wakalarynyň biri bolup, hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki kino günleriniň çäklerinde Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň görkezilişi boldy. Soňra bu ajaýyp film TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisi — filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy guramanyň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy, şeýle-de filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanyldy. Munuň özi şanly ýylda halkymyzy buýsandyran hoş habar boldy.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.