milli goshun logo
Kömekçi hojalyklaryny pugtalandyrmak üçin ähmiýetli taslama
Kömekçi hojalyklaryny pugtalandyrmak üçin ähmiýetli taslama
05.02.2020 2552 Harby Bilim

Geçen ýyl hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, degişli düzümlerde maldarçylygy we ekerançylygy has-da giňeltmegiň zerurdygy barada birnäçe tabşyryklary beripdi.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz düýe çalynyň adam saglygy üçin peýdaly taraplary barada belläp geçip, bu içgini öndürmek boýunça kärhanalaryň hem-de düýedarçylyk hojalyklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Ahal welaýatynyň häkimliginiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylaryna hem tabşyrypdy.

Häzirki wagtda ministrliginiň tabynlygyndaky harby bölümleriň kömekçi hojalyklarynda iri şahly mallar, dowarlar we guşlar bilen bir hatarda, düýeler hem idedilýär. Şonuň bilen baglylykda, ýokary hilli düýe çalynyň önümçiligi hem giňden ýola goýulýar. Bu işi mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen Türkmensitanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň ylmy bölümçesiniň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Röwşen Çarygeldiýew tarapyndan ylmy derňewler geçirilýär.

– Ählimize belli bolşy ýaly, düýe çaly bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, onuň tagamyny we ynsan saglygyna edýän täsirini hiç bir däri-derman bilen deňäp bolmaýar. Ol dünýä bazaryna eksport etmek we daşary döwletlerde düýe çalyna isleg bildirýänleriň sanynyň artmagy üçin ähli mahsus häsiýetlere eýedir. Meniň ylmy işim çalyň saklanyş möhletini uzaltmak bilen bir hatarda, onuň transport ýagdaýyny has-da ykjamlaşdyrmak we diňe ýurdumyzyň müşderilerine däl, eýsem, dünýä müşderilerine elin ýetirmekden ybaratdyr – diýip, çagyryş boýunça harby gullukçy aýdýar.

Hatarçy Röwşen Çarygeldiýewe diňe bir Harby institutyň barlaghanasynda däl, eýsem, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde we Himiýa institutynda öz ylmy ýolbaşçysy bilen bilelikde dürli ylmy synag-tejribeleri geçirmäge mümkinçilikleriň döredilendigini nygtamak gerek. Barlaglaryň netijesinde, ýaş himik gadymy türkmen milli içgisiniň saklanyş möhletini 8 günden 1 ýyla çenli uzaltmagy, şeýle-de onuň saglyga peýdaly täsirleriniň ýitmezligini gazandy. Indi ol öz ylmy taslamasynyň ulanyş göwrümini giňeldip, uly zawodlarda şeýle häsiýetli çalyň önümçiligini giňden ýola goýmagyň üstünde gözlegleri alyp barýar.

«Milli goşun».