Hormatly myhmanlar!
Hormatly neşirýat ulgamynyň işgärleri!
Eziz ildeşler!
Sizi «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly
neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň öz
işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bu
halkara kitap baýramçylygynyň işine gatnaşmak üçin eziz Diýarymyza gelen
myhmanlara, halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna ähli gatnaşyjylara
üstünlik arzuw edýärin.
Taryh üçin uly bolmadyk döwürde ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň pudaklarynda düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala
aşyrylyp, belent sepgitlere ýetildi. Häzirki döwürde ata Watanymyz ösen
tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden
barha köp peýdalanýan, ýokary depginler bilen ösýän ýurt hökmünde giňden
tanalýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
Türkmenistan halkara çäreleriniň ýygy-ýygydan geçirilýän ýurduna öwrüldi. Bu
çäreleriň hatarynda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir
önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň aýratyn
orny bardyr. Halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty bu ýyl halkymyzyň
durmuşyndaky möhüm wakalar bilen utgaşyp geldi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan
edilen 2019-njy ýylda hem ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Bu biziň «Döwlet
adam üçindir!» diýen baş ýörelgämize laýyk gelýär. Şu ýylda gazanan
üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz onuň şeýledigini ýene-de bir gezek
subut etdi. Gazanylan üstünlikleriň her biri halkymyzda eziz Watanymyza çäksiz
buýsanç hem-de söýgi duýgularyny döretdi.
Türkmenistanyň ýetýän belent sepgitlerini we
gazanýan üstünliklerini, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan
özgertmeleriň özenini, many-mazmunyny, ähmiýetini açyp görkezmekde, wagyz
etmekde we dünýä ýaýmakda, halkara derejesinde iň täze gazanylanlaryň halkymyza
ýetirilmeginde döwürleýin metbugata, neşirýat-çaphana ulgamyna möhüm orun
degişlidir. Geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň bu
ulgamy ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde uly ähmiýete
eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Kitap ruhy baýlyk bolup durýar. Ýokary derejede
çeper we hakyky sungat eserleri bolsa, haýsy halka ýa-da millete degişliligine
garamazdan, umumadamzat gymmatlygyna öwrülýärler.
Türkmen halky milli gymmatlyklaryna daýanyp,
däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna sarpa goýup, olary döwre görä kämilleşdirip,
belent sepgitlere ýetýär. Geçmişde ata-babalarymyz kitaby mukaddeslik
hasaplapdyrlar. Ony özüniň ruhy gymmatlygy hökmünde arzylapdyrlar. Söze, kitaba
bolan şol belent sarpa häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Şonuň üçin
hem biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çeper eserleri we okuw
kitaplaryny çap etmek işine ünsi has-da güýçlendirdik. Jemgyýetiň ösüşiniň
aýratynlyklaryny biz döwrebap many-mazmuna eýe bolan, häzirki zaman okyjysynyň
talaplaryna laýyk gelýän kitaplarda görýäris. Kitap — her bir adam üçin ruhy
kämilligiň hemişelik hem-de taýsyz gymmatly çeşmesi bolup durýar.
Hormatly neşirýatçylar!
Çaphana ulgamynyň işgärleri!
Çeper söz ussatlary!
Ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş we
beýleki ulgamlar bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan neşirýat ulgamy halkymyzyň,
aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine
öz oňyn täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, biz neşirýatçylaryň döredijilikli,
netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretdik.
Döwür neşirýat-çaphana ulgamynyň işgärleriniň
öňünde täze wezipeleri goýýar. Ýazylýan kitaplaryň many-mazmunynyň ilhalar
bolmagy, redaktirlemek, bezeg we neşir işleriniň has kämil derejä ýetirilmegi,
bu işde dünýä tejribeleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň
mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy, aýratyn hem mekdebe çenli çagalar
edaralaryna, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerine niýetlenen kitaplardyr
gollanmalaryň öz wagtynda we talabalaýyk çap edilmegi üçin siz zehiniňizi,
yhlasyňyzy, tejribäňizi gaýgyrmaly dälsiňiz.
Hormatly halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Sizi dostlugyň we hoşniýetliligiň mekanyna öwrülen
ýurdumyzda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir
önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň öz işine
başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri
arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.