5 – 6-njy
noýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda «Kitap ─ hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly»
atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy
maslahaty geçirildi. Her ýyl dowam edip gelýän bu sergi-ýarmarka dünýäniň
ençeme ýurtlaryndan iri neşirýat öýleriniň we çaphanalarynyň, çaphana
enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň wekilleriniň ýygnanan merkezine öwrülip öz
ähmiýetini görkezdi.
Bu
sergi-ýarmarka Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň tejribeli
mugallymlary we zehinli talyplary hem gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebimiziň
Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Grafika kafedrasynyň mugallymy Rahman
Rahmanow kitap bezeg işleri, Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Amaly-haşam
sungaty kafedrasynyň mugallymlary Gülara Babaýewa we Aýjemal Çaryýewa
keramika, zergärçilik işlerini öz şägirtleri bilen çäräniň dowamynda oňa
gatnaşyjylara ýerine ýetirip görkezdiler.
Şeýle hem
sergi-ýarmarkanyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Binagärlik we taslama kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Geldimyrat Orazgeldiýew
gurulmagy meýilleşdirilýän Akylly şäherde ýerleşjek binanyň taslamasyny
kompýuterde 3Ds max programmada ýerine ýetirip görkezdi. Ýokary okuw
mekdebimiziň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Kerim Daňatarow
wakuum planşetiň ýüzünde ýörite galam bilen Zbrush programmasynda türkmen
alabaý itiniň şekilini çekip, 3D printerde çapa taýýarlady hem-de Sungaty
öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Hanmyrat Mämmedow we Maksat Çerkezow
döredijilik sergilerine bagyşlanan kitaplary Adobe InDesign programmada işläp
görkezdiler.
Sergi-ýarmarka
belli türkmen grafika suratkeşleri Döwletgeldi Akyýew we Alymjan Işangulyýew
hem grafika eserleri bilen gatnaşdylar. Bu suratkeşler Türkmenistanda çapdan
çykan kitaplaryň grafika bezeg işlerini ýerine ýetirmekde öz goşantlaryny
goşýarlar. Kitaby bezemekde grafiki suratkeşlere jogapkärli wezipe düşýär.
Halkara kitap
sergi-ýarmarkada bu ýokary okuw mekdebimiziň pawilýonynda goýlan kitaplaryň
arasynda «Gujurly ýaşlar» atly sergi katalogy köpleriň ünsüni özüne çekdi.
Şeýle hem çeperçilik akademiýanyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň zehinli
talyplarynyň dürli şahsy we toparlaýyn döredijilik sergilerine bagyşlanan,
türkmen şekillendiriş sungatynda görnükli orun tutan suratkeşleriň
döredijiligini açyp görkezýän albomlary we kitapçalary görkezildi.
Ýazgül BEGINÝAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.