Şu gün Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara
sergi-ýarmarka öz işine başlady.
Serginiň açylyş dabarasy
çagalar döredijilik toparlarynyň bagtyýar çagalygy, Watanymyzyň ösüşlerini wasp
edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň
Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň,
jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr
wekilleri gatnaşdylar.
Soňra ýygnananlar
sergi-ýarmarkanyň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary
döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri,
oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän,
şeýle-de iýmit kärhanalarynyň 80-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Sergä
gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň wekilleri
bar.
Sergide Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we halkara derejede alyp
barýan ynsanperwer işleri uly ekranlarda wideoşekilleriň üsti bilen täsirli
beýan edilýär.
Sergide Arkadag şäherindäki
Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde
çagalaryň saglygyny dikeltmekde ulanylýan usulyýetler barada giňişleýin
maglumat berilýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän
saglygy goraýyş maksatly önümleri sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyna
eýe boldy.
Paýtagtymyzdaky «Jahan»
döredijilik merkeziniň diwarlygy-da aýratyn ünsi çekýär. Döredijilik merkezinde
çagalar üçin okuw, sungat we sport ugurly gurnaklaryň 17-si hereket edýär.
Merkezde ýaş nesillere milli keşdeçilik, haly dokamak, aýdym-saz sungatyny
öwretmek boýunça hem işler alnyp barylýar.
Halkara gözden geçirilişe
ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem işjeň
gatnaşýar. Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda dokma we tikinçilik
kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe
sapaklarynda, öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy görkezilýär.
Bilim ministrliginiň
hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň bilim almagy,
sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän
giň gerimli mümkinçilikler öz beýanyny tapýar.
Gözden geçirilişe Bazar
Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem diwarlygy bilen gatnaşýar.
Telekeçiler okatmagyň
öňdebaryjy we netijeli usullaryna esaslanýan bilim merkezlerini esaslandyryp,
kämil bilimli, ösen aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala getirilmegine mynasyp goşant
goşýarlar. «Kämil bilim», «Sanly bilim», «Baky Tylla» bilim merkezleri
kompýuter we programmirlemäni öwrenmek üçin çuňlaşdyrylan okuwlary hödürleýär. «Halkara
audit» okuw merkezi hasaplama ugurly okuwlary guraýar. «Sowatly», «Reňkli dünýä»,
«Intellect Dom» merkezleri bolsa öwrediji oýunlar arkaly kiçi ýaşly çagalaryň
durmuş we pikirleniş endikleriniň kämilleşmekleri üçin okuwlary guraýar,
öwrediji gollanmalar bilen üpjün edýär. «IQ 007» merkezinde irki ýaşdan
çagalaryň hat ýazuwy we çalt okamagy özleşdirmekleri, «Kitap» bilim merkezinde olaryň kompýuter
tehnologiýalary bilen çagalykdan gyzyklanmaklary üçin ýörite okuw
maksatnamalary hereket edýär. Halkara sergi-ýarmarkada çagalar üçin öwrediji
gollanmalardyr kitaplaryň söwdasyny etmek babatda «Arsbooka», «Magic book», «Book
Club» dükanlarynyň diwarlyklary aýratyn özüne çekýär.
«Mümkinçilik dünýäsi» hojalyk jemgyýetiniň we «Global
education», «Adyl» merkezleriniň işi hut şu ugra ýöriteleşendir. «Uni-Zone”
kompaniýasy bolsa Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly
okamak mümkinçiligini hödürleýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri
çagalar üçin otaglary bezemekde, ýörite mebelleri ýasamakda hem önümçilik
tejribelerini artdyrýarlar. «Mähirli Puf», «Decor Turkmenistan», «Amantaý»
kärhanalary serginiň myhmanlaryny bu ugurda öz mümkinçilikleri bilen
tanyşdyrýarlar. «Ynamdar» onlaýn dükany dünýäniň öňdebaryjy önüm
öndürijileriniň çagalar üçin niýetlenen dürli görnüşli harytlarynyň söwdasyny
amatly ýagdaýda amala aşyrmak üçin döwrebap hyzmaty hödürleýär. «Balam» çagalar
harytlary dükany sarp edijileri kiçi ýaşlylar üçin dürli esbaplar, oýnawaçlaryň
dürli görnüşleri bilen üpjün edýär. «Galam» dükany bolsa diňe bir çagalar däl,
eýsem, ulular üçin hem dürli kanselýariýa harytlaryny hödürleýär.
Çagalaryň dürli
witaminlere baý önümleri iýmekleri olaryň sagdyn ösmeginiň möhüm şertidir. «Vertera»
kompaniýasy çagalar üçin dürli witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitlerini
hödürleýär. «Täze Aý», «Tudana» haryt nyşanly önümler ýokary hili, gaplanyşynyň
özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. «Ýüpekçi», «U&Me Bubble tea»
düzümleri tomus paslynda ulular, şol sanda çagalar üçin-de lezzetli bolan miwe
suwlary hödürleýär. «Erteki» haryt nyşanly doňdurmalar hem häzirki döwürde
geçginli önümlerdir.
«Jan Tehnologiýa» hojalyk
jemgyýeti çagalar üçin programma üpjünçiliklerini taýýarlamakda gazananlary
bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýar. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki
kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem öz öndürýän tehnologik
enjamlary bilen sergä gatnaşýar.
«Rishat Events», «JAM
Creative», «Party boom», «Femmeli» ýaly düzümler çagalaryň döredijilik
başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli çäreleri, ussatlyk sapaklaryny we oýunlary
guraýarlar.
«Kids EXPO: ähli zat
çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ýurdumyzyň meşhur moda
öýleriniň we dizaýnerleriniň çagalar üçin taýýarlan täze lybaslar toplumynyň
görkezilişi hem geçirildi. Serginiň çäklerinde çagalar üçin tikin tikmek,
lybaslary bezemek, özbaşdak sungat eserlerini döretmek boýunça ýörite tälim
beriji sapaklar hem geçilýär.
Serginiň çäginde
ýöriteleşdirilen kiberzolaklar, ylym, döredijilik bilen meşgullanmak, tagam
taýýarlamak, şeýle hem bäsleşikler üçin zolaklar döredilipdir. Olarda çagalaryň
özbaşdak ösüşine ýardam bermek maksady bilen, ussat tälimçi-mugallymlaryň
ugrukdyrmagynda dürli çäreler, bäsleşikler guralýar. Bäbekleriň emedekleme
ýaryşy, çagalaryň arasynda çalt ýazmak, özbaşdak ýasalan robotlaryň
bäsleşikleri şolaryň hataryndadyr. Olarda tapawutlanan körpelerdir ýaşlara
çäreleri guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Şolaryň
arasynda mental arifmetika boýunça çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem
ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.
Ýöriteleşdirilen
sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ata-eneler çaga terbiýesi we kitap okamagyň
peýdasy barada ussat mugallymlardan maslahatlary alyp bilýärler. Ýörite
guralýan kitap ýarmarkalarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda
hödürlenilýän kitaplar, öwrediji gollanmalar bilen tanşyp bolýar. Gözden
geçirilişde iň gowy sergi diwarlygyna onlaýn ses bermek hyzmaty hem ýola
goýuldy.
Sergi 23-nji awgusta çenli öz
işini dowam eder. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.