14-nji aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilaty halkyň sarp edýän harytlary, ilkinji nobatda, azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesini her gün berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Zerur bolan ýagdaýda, goşmaça çäreleri görmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýer Ç.Gylyjowa anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine gysga wagtyň içinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryny gurmagyň hem-de guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyryp, bu çäreleriň, ilkinji nobatda, ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmäge, telekeçileriň we raýatlaryň häzirki iş ýerlerini saklap galmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.