10-njy maýda geçirilen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow şu
ýylyň 21 — 22-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Х
Halkara gaz kongresini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Forumyň gün
tertibine dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ösüş ugurlary, sebitde parahatçylygy
we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisiniň ähmiýeti, tebigy gazyň eksport ugurlaryny köpugurly esasda
ösdürmek, gazhimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin ýurdumyzda
döredilen şertler, şeýle hem maýa goýum işjeňligi ýaly möhüm meseleler
giriziler.
Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berler.