23-nji iýunda Türkmenistanyň
Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş
saparynda Tatarystanyň Prezidenti türkmen Lideriniň şu saparyna hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde baha
berilýändigini nygtady. Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iki halkyň
özara gyzyklanmasyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ulgamlaýyn strategik
häsiýetini nazarda tutup, Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak
baradaky teklibi aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz
Rustam Minnihanowyň Kazanda Türkmenistanyň konsullygyny açmak baradaky
teklibini diňe bir goldaman, eýsem, türkmen we tatar paýtagtlaryny
baglanyşdyrýan howa gatnawlaryna isleg artan halatynda, onuň sanyny köpeltmegiň
mümkinçilikleri barada hem aýtdy.