milli goshun logo
Karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medal gazanyldy
Karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medal gazanyldy
16.11.2023 666 Sport

Habar berlişi ýaly, türkmenistanly türgen Baýry Baýryýew Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. 22 ýaşly türkmen türgeni 67 kilograma çenli agramda şeýle üstünlik gazanmagy başardy.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, bu yklym ýaryşyna Germaniýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Kuweýt, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly 10 ýurtdan 140 töweregi türgen gatnaşdy.