1-nji noýabrda
sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
Milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa döwlet syýasatynyň möhüm ileri
tutulýan ugurlary babatda kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň
parlamentiniň alyp barýan işleri barada habar berdi.
Häzirki wagtda
ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş
toparlarynda kanunçylyk resminamalarynyň birnäçesiniň taýýarlanylmagy dowam
edýär.
Milli
parlamentiň wekiliýetiniň 27-31-nji oktýabrda Koreýa Respublikasyna bolan iş
saparynyň barşynda dostlukly ýurduň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi.
Türkmen
parlamentarileri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn tejribäni
öwrenmek babatda tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin Seul döwlet uniwersitetiniň
işi bilen tanyşdylar. Ýokary okuw mekdebinde bolan duşuşygyň dowamynda
ylym-bilim ulgamynda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ýola goýlan
ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge bolan taýýarlyk bellenildi.
Mejlise
türkmen parlament wekiliýetiniň noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Baku
şäherine iş saparyny guramak hakynda azerbaýjan tarapynyň teklibiniň gelip
gowşandygy barada habar berildi.
Saparyň
çäklerinde kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, parlamentara hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gönükdirilen birnäçe çäreler we duşuşyklar meýilleşdirildi. Şol sanda
Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy bilen duşuşmak, Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky «ASAN» hyzmat durmuş innowasiýalary we
raýatlara hyzmat etmek boýunça döwlet agentliginiň işi bilen tanyşmak we
beýlekiler göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki döwürde netijeli ösdürilýän
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmeginde aýratyn
ähmiýetlidir.