21-nji iýunda
sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň öňünde goýlan jogapkärli
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini
has-da gowulandyrmak hem-de önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady
bilen, «KAMAZ» kysymly awtoulaglary, ýörite tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlaryny
satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda şeýle
ulaglaryň 2000-e golaýy satyn alnar.