milli goshun logo
Kalsit önümçiligi ýola goýlar
Kalsit önümçiligi ýola goýlar
19.01.2019 512 Habarlar

Düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew Senagat ministrligi tarapyndan kalsit önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Onda tejribe-synag işleriniň geçirilendigini, şonuň netijesinde, ýokary hilli kalsit önüminiň alnandygyny habar berdi. Kalsitiň öndürilmegi türkmen gurluşykçylaryna daşary ýurtlardan getirilýän şu önümlerden doly ýüz öwürmäge hem-de geljekde boýaglaryň dürli görnüşlerini, gips, karton we beýleki magdan däl gurluşyk serişdelerini çykarmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Magdanly şäherindäki gurluşyk serişdeleri kärhanasynyň düzüminde ýyllyk kuwwaty 500 tonna kalsit öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmek hem-de daşary ýurtlara ibermek boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hataryna çykarmak maksady bilen, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek strategiýasy senagaty IT-tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi ösdürmek ýoly arkaly bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga geçirilmegini göz öňünde tutýar.