milli goshun logo
Kaka etrabynda döwrebap guşçulyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Kaka etrabynda döwrebap guşçulyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy
23.05.2019 1377 Habarlar

22-nji maýda Kaka etrabynyň çäginde towuk etini we ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

«Röwşen — Rahym» daýhan hojalygynyň buýurmasy esasynda «Gozgan Gala» hojalyk jemgyýetiniň bina eden guşçulyk toplumy ýylda 30 million ýumurtga we 80 tonna guş etini öndürmäge niýetlenendir. Onuň çäginde dört inkubator bolup, şolarda birbada 100 müň towuk saklamaga mümkinçilik bar. Hususan-da, bu ýerde ýumurtga berýän towuklar, şeýle hem jüýjeleri ösdürmek üçin ýörite desgalar göz öňünde tutuldy. Ähli bölümler doly awtomatlaşdyryldy. Şolar ýörite enjamlar, şol sanda amatly howany saklamaga, howany arassalamaga, suw bilen üpjün etmäge niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.

Şeýle hem topluma uzakmöhletleýin esasda peýdalanmak üçin 105 gektar ýer bölünip berildi. Şonuň 5 gektarynda önümçilik desgalary bolup, beýleki ýerler ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekde peýdalanylar. Häzirki döwürde guşçulyk toplumynda Eýrandan we Türkiýeden getirilen 92 müňden gowrak towuk saklanylýar. Bu kärhananyň önümlerini ýerli bazarda ýerlemek bilen bir hatarda, eksporta hem ugradylar.