Kairde ykdysady we
ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji
mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen
tarapynyň belleýşi ýaly, arap döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge
alnan ugruň jähtinden Müsür Arap Respublikasy bilen ýakyn we özara peýdaly
gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň
möhüm ugrudyr.
Bu ugurda ykdysady we ylmy-tehniki
hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň işine iki ýurduň
arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň işjeň guraly
hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.
Öz gezeginde, toparyň müsür
tarapyndan başlyklarynyň biri - Müsür Arap Respublikasynyň maýa goýumlary we
halkara hyzmatdaşlygy ministri doktor Sahar Nasr bu duşuşygyň türkmen-müsür
gatnaşyklarynyň uzak möhletli häsiýete eýedigine we hyzmatdaşlygyň ägirt uly
mümkinçiligini durmuşa geçirmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygyna şaýatlyk
edýänligini nygtady.
Mejlisiň barşynda köpugurly
türkmen-müsür gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy,
söwda, energetika, oba senagat toplumy, saglygy goraýyş, derman senagaty, ulag
we kommunikasiýa, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi.
Hökümetara toparyň mejlisiniň
çäklerinde birinji işewürlik-maslahaty geçirildi, onuň barşynda iki ýurduň
işewürler toparlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we göni aragatnaşyklary
ýola goýmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Müsüriň ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinň ikitaraplaýyn duşuşklary geçirilip, onda özara hereketi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi.