Guryýerde
ýöreýän harby tehnikalary öndüriji «Hyundai Rotem» kompaniýasy 12-16-njy
sentýabr aralygynda geçirilen «DX Korea 2018» atly sergide özüniň täze harby
inžener tehnikasyny köpçülige hödürledi.
«K600» kysymly
bu tehnika söweşjeň zonalarda goşuna gerekli bolan gurluşyk işlerini amala
aşyrmak, minalary we dürli häsiýetli päsgelçilikleri hatardan çykarmak,
artilleriýa we söweşjeň harby tehnikalary üçin ýer taýynlamak ýaly wezipelerde
ulanmak üçin işlenilip taýýarlanyldy.
Gyzyklanma
bildirýänler aýratyn meýdançada bu ulagyň hereket häsiýetnamalary bilen
tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.
1 200 AT GÜÝJI
Kompaniýa
tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä «K600» harby ulagynyň agramy 62 tonna
barabar. 1 200 at güýjine eýe bolan hereketlendiriji bu ulagyň sagatda 62
kilometr tizlik bilen hereket etmegine mümkinçilik döreder.
«K600» 30 santimetre çenli gömülen – adaty we tanka garşy ulanylýan – minalaryň ýerini kesgitläp, olary zyýansyzlaşdyrar, şeýle hem ýerleşdirilen ulgam arkaly goşunyň hereket ugryny arassalap, ýoluň howpsuzdygyny aňladýan ýörite nyşanlary ýerleşdirer.