30-njy aprelde Döwlet daşary
ykdysady iş bankynda «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň degişli
wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Oňa
ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleri hem-de Daşary işler ministrliginiň
işgärleri gatnaşdylar.
Obasenagat toplumyny tehniki we
tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele
boldy. Maslahatyň barşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar türkmen tarapyna özara
bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga toplumlaýyn çemeleşýändigi üçin
hoşallyk bildirdiler we gatnaşyklary mundan beýläk has-da giňeltmäge
taýýardyklaryny beýan etdiler.