milli goshun logo
Jiu-jit­su bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz 18 me­da­la my­na­syp bol­dy
16.07.2018 1352 Habarlar | Sport

Türk­men tür­gen­le­ri jiu-jit­su bo­ýun­ça Ak­tau (Ga­za­gys­tan) şä­he­rin­de ta­mam­la­nan Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ýig­ri­mä go­laý me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Ýa­ryş­la­ra 20 ýurt­dan dört ýü­ze go­laý tür­gen gat­naş­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ne dün­ýä we Azi­ýa çem­pio­nat­la­ryn­da hem-de Aş­ga­bat — 2017 oýun­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan iň go­wy tür­gen­ler gir­ýär. Bi­ziň tür­gen­le­ri­miz Ak­tau­da jiu-jit­su­nyň üç ug­ry: kon­takt, “ne-wa­za” we sö­weş gör­nüş­le­rin­de bäs­leş­di­ler.

Olar jiu-jit­su­nyň kon­takt gör­nü­şi bo­ýun­ça has köp me­dal­la­ry eýe­le­di­ler. 94 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­de Mer­gen Te­je­now al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ser­dar Ho­ja­mu­ham­me­dow bol­sa 94 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de ýa­rym fi­nal­da we fi­nal­da Hy­taý Taý­be­ýin­den bäs­deş­le­rin­den üs­tün çy­kyp, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di.

Rus­tam Roz­me­tow 77 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ta­pa­wut­lan­dy. Bäs­le­şi­giň üç tap­gy­ryn­da hem (çär­ýek fi­nal, ýa­rym fi­nal we fi­nal) ol ýer eýe­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len güýç sy­na­nyş­dy. Iň ýe­ňil ag­ram de­re­je­sin­de — 56 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­da çy­kyş eden Ba­tyr Dur­dy­ýew hem di­ňe ga­za­gys­tan­ly tür­gen­ler bi­len tut­lu­şyp, hor­mat mün­be­ri­niň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­ma­gy ba­şar­dy.

Be­genç­my­rat Ka­ka­ba­ýew 85 ki­log­ra­ma çen­li, Ýu­sup Taň­ry­ber­di­ýew bol­sa 62 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy.

Ze­nan­la­ryň ara­syn­da iň agyr — 70 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry­nyň we­ki­li al­tyn me­da­ly eýe­le­di. Sa­bi­na Aga­ja­no­wa fi­nal tut­lu­şy­gyn­da ga­za­gys­tan­ly bäs­de­şin­den üs­tün çy­kyp, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di, ga­zak tür­ge­ni bol­sa, öz ge­ze­gin­de, il­de­şi­miz Aý­sol­tan Gar­ço­wo­wa­ny ýeň­di, ne­ti­je­de, Aý­sol­tan üçün­ji or­na düş­di. Kon­takt jiu-jit­su bo­ýun­ça We­ro­ni­ka Rus (55 ki­log­ram) we Sa­ýa­ra Awez­me­to­wa (49 ki­log­ram) fi­nal bäs­le­şik­le­rin­de ga­za­gys­tan­ly tür­gen­le­ri ýe­ňip, ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­za al­tyn me­dal ge­tir­di­ler.

Türk­men tür­gen­le­ri dü­şek­çe­de tut­lu­şy­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýän “ne-wa­za” ug­ry bo­ýun­ça hem ta­pa­wut­la­nyp, dür­li de­re­je­li me­dal­la­ry eýe­le­di­ler. 70 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­de Aý­sol­tan Gar­ço­wo­wa bi­rin­ji or­na, Sa­bi­na Aga­ja­no­wa kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. 55 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de çy­kyş eden An­ge­li­na Fi­lip­po­wa ýe­ne bir al­tyn me­da­ly to­pa­ry­my­zyň sy­lag­la­ry­nyň üs­tü­ne goş­dy. Ol bu üs­tün­li­gi ga­zan­ma­gyň ýo­lun­da dört bäs­de­şi­ni ýeň­me­li bol­dy. Wio­let­ta Krow­ýa­ko­wa (62 ki­log­ram) we Mer­gen Jo­ra­ýew (85 ki­log­ram) kü­müş me­dal, Ne­ji­met­din Ça­ry­ýew (85 ki­log­ram) bü­rünç me­dal ga­zan­dy.

Jiu-jit­su­nyň sö­weş gör­nü­şi bo­ýun­ça Aý­sol­tan Gar­ço­wo­wa we Sa­bi­na Aga­ja­no­wa bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Şeý­le­lik­de, bu iki tür­gen jiu-jit­su­nyň üç gör­nü­şi­niň äh­li­sin­de çy­kyş edip, to­pa­ry­my­za je­mi 6 me­dal ge­tir­di.

Jiu-jit­su bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da umu­my ha­sap­da üçün­ji or­ny eýe­läp, je­mi 18 me­da­ly: 9 al­tyn, 5 kü­müş we 4 bü­rünç me­da­ly ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň sy­lag­lar gaz­na­sy­na goş­du­lar.