milli goshun logo
Jemi öndürilen önüm 5 göterim artdy
02.02.2019 581 Habarlar

1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Myradow, 2018-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeler strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ähli pudaklarda ýokary görkezijileriň gazanylandygyny aýtdy.

Geçen ýylyň jemleri boýunça 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5 göterim artdy.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40,3 milliard manada deň boldy. Şolaryň 63,7 göterimi önümçilik hem-de 36,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.