Halkara zenanlar güni mynasybetli, düýn – 7-nji martda paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň «Parahat – 7/1» ýaşaýyş toplumynda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleriň birnäçesine 144 hojalyga niýetlenen 9 gatly täze ýaşaýyş jaýyndan döwrebap öýüň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Şu mynasybetli guralan dabara Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri we köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Täze ojagynda jaý toýuny toýlaýan maşgalalaryň şatlygyny paýlaşmak üçin dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň bu ýere ýygnanmagy hem halkymyzyň agzybirliginden, milli ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginden nyşany boldy. Asylly däbe eýerip, olar täze öýleri ýüzlerine syldylar. Aýdym-sazly çykyşlar bolsa öý eýeleriniň toý şatlygyny has-da artdyrdy.
Bagtdan paýly, ak öýlerden serpaýly bagtyýar eneler täze ýaşaýyş jaýlaryny sowgat beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.