24-nji maýda Ministrler
Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa
iýun aýynda bellenilýän milli senenamamyzyň şanly günleri hem-de medeni-durmuş
maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli çäreleriň maksatnamasy
barada hasabat berdi.
Baýramçylyk
çäreleriniň maksatnamasynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä
welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni,
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli geçiriljek döredijilik duşuşyklary, sergiler, konsertler we sahna
oýunlary, bäsleşikler, halkara, umumymilli we pudaklaýyn maslahatlar, sport
ýaryşlary bar.
Geljek aýda
«Ýaňlan, Diýarym!» atly döredijilik telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
geçiriler.
Medeniýet
işgärleriniň hünär baýramyna hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe
gabatlanyp geçirilýän däp bolan Medeniýet hepdeligine giň gerimli çäreleriň
maksatnamasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, iýun aýynda durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralary bolar.