milli goshun logo
Işini bilýän ýaş işgärleri taýýarlamak meselesi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi
Işini bilýän ýaş işgärleri taýýarlamak meselesi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi
26.01.2019 715 Habarlar

Düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow geçen ýylda ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň has netijeli işini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň işgärleriniň ünsüni geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň wajyp ugurlaryna çekdi. Öňdebaryjy tejribäni hem-de dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şeýle hem ýokary hünärli, işini bilýän ýaş işgärleri taýýarlamak meseleleri gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Milli Liderimiz gullugyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň takyk hasabyny üpjün etmäge gönükdirilmelidigini aýdyp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz işgärleriň gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, gullugyň başlygyna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.