milli goshun logo
«Iş üpjünçilik» sahypasy dörediler
«Iş üpjünçilik» sahypasy dörediler
30.03.2019 5802 Habarlar

29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Myradow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» (http://mlsp.gov.tm) sahypasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu teklip hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna we 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy.

Onda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar-hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi dörär. Munuň özi iş gözleýän raýatlaryň we iş hödürleýänleriň arasynda zerur maglumatlary alyşmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça maksatnamany ýerine ýetirmäge, elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ulgamyna geçilmegine kömek eder.