milli goshun logo
Iş maslahaty geçirildi
Iş maslahaty geçirildi
3 gün öň 76 Habarlar

Düýn – 20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri geçirildi. Tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.