Düýn – 29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasaryna, degişli ýolbaşçylara hem-de welaýat häkimlerine ýüzlenip, pudagyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, maddy-tehniki binýadyny, önümçilik, hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, olaryň durkuny täzelemek we täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegi, önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmegi, oba hojalyk ylmy-barlag institutlary tarapyndan bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.