milli goshun logo
Intellektual eýeçilik ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk
Intellektual eýeçilik ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk
17.04.2020 709 Habarlar

16-njy aprelde Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda intellektual eýeçiligiň hukuklary, awtorlyk hukugyny goramakda tejribe alyşmak, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň dowamynda Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň hukuk binýadyny giňeltmek, hususan-da, ýurdumyzyň körlere we görmek ýa-da beýleki ukyplary kemçilikli adamlar üçin çap edilen neşirlere ýeňillikleri döredip bermek hakyndaky Marrakeş ylalaşygyna goşulyşmak hem-de ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma goýberýän edaralaryň hukuklaryny goramak hakyndaky Rim konwensiýasyna goşulyşmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.