milli goshun logo
Ildeşlerimiz — dünýä çempionlary!
Ildeşlerimiz — dünýä çempionlary!
1 gün öň 17 Sport

Jakartadan 53 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bogor şäheri diňe bir ajaýyp tebigaty we täsin şähergurluşyk aýratynlyklary bilen meşhur bolman, indi ol türkmen samboçylarynyň birbada ikisiniň dünýä çempiony bolan şäheri hökmünde hem ýadymyzda galar. Bu ýerde ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatyndan türgenlerimiz 8 medal bilen dolanyp geldiler. Şolaryň ikisi bolsa altyn medaldyr.

Bogor şäherinden gelen başga bir hoş habary eşitmek has-da ýakymly. Iki altyn medaldan başga-da, kümüşdir bürünç medallaryň her haýsyndan üçüsini gazanan ildeşlerimiz dünýä çempionatyna gatnaşan 34 döwletiň arasynda toparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi. Ildeşlerimizden öňe diňe Russiýanyň birinji düzümi bilen Gazagystanyň ýygyndysy geçip bildi. Türgenlerimiziň bu üstünligi ýurdumyzda sambonyň geljeginiň diýseň uludygyny görkezýär.

Şu güýzde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda talyplyk dünýäsine gadam basan Yslam dünýä çempionlygyny öz agram derejesindäki 8 türgeniň arasynda gazandy. Ol altyn medal ugrundaky göreşde üç ýeňiş gazandy. Deslapky tapgyrlarda biziň ildeşimizden gyrgyzystanly türgen Azamat Temirbekow bilen ermenistanly Wadis Ambarsumýan asgyn geldi. Yslam finalda ýaşlaryň arasynda dünýäniň geçen ýyldaky çempiony, russiýaly türgen Gadir Gaşimowy ýeňip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy.

Alyhan Aýdogdyýewiň hem altyn medala uzaýan ýoly Yslamyňka çalymdaş boldy. Ol deslapky tapgyrlarda gyrgyzystanly Ahmed Aliýewden, ermenistanly Tigran Grigorýandan üstün çykdy. Niçikmi, gezek russiýaly samboçy Artýom Nesterowa gezek gelende bolsa, guramaçylyk komitetiniň final tutluşyklarynyň wagtyny bir sagat öňe süýşürip, ähli gatnaşyjylara bu barada habar bermändigi üçin geçirilmedi. Şeýlelikde, Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçylary iki türgeni hem ýeňiji hökmünde yglan edip, altyn medal bilen sylaglamak kararyna geldi. Bu çözgüt milli wekiliýetler tarapyndan goldanyldy. Şunlukda, üç günläp dowam eden dünýä çempionatynyň ikinji we üçünji günleriniň her haýsynda ýaşlar ýygyndymyz bir altyn medal gazandy.

Elbetde, gazanylan üstünlikde beýleki medalçylarymyzyň hem uly paýy bar. Söweş sambosy boýunça erkekleriň arasynda Rasul Jabraýylow (64 kilograma çenli agram derejesinde) bilen Mälikberdi Begiýew (88 kilograma çenli agram derejesinde), sport sambosy boýunça gyzlaryň arasynda Ykbal Saparowa (50 kilograma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan bolsa, ýaşlar ýygyndymyz bürünç medallaryň ählisini sport sambosy boýunça gazandy. Has takygy, erkekleriň arasynda Ilşat Döwranow (58 kilograma çenli agram derejesinde), Annamuhammet Annamuhammedow (64 kilograma çenli agram derejesinde), gyzlaryň arasynda bolsa Mähriban Pälwanowa (59 kilograma çenli agram derejesinde) bürünç medalyň eýesi boldular.

34 döwletden 371 türgeni özünde jemlän dünýä çempionatynda türgenlerimiziň 8-siniň medallara mynasyp bolmagy we ýygyndymyzyň umumy hasapda üçünji orny eýelemegi uly üstünlikdir.