Düýn – 23-nji aprelde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet
Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa
iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol
sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň
çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köptaraplaýyn gatnaşyklar barada özara pikir
alyşmalar boldy.