29-njy awgustda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy
hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi
Ý.Kakaýewi kabul etdi.
Duşuşykda Ý.Kakaýew
döwlet Baştutanymyza Igor Makarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz
meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakynda
teklip bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakyndaky teklibi makullap, ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan holding bilen özara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.