milli goshun logo
Içerki bazarlar ýylyň ähli paslynda gök-bakja we miwe önümleri bilen üpjün ediler
Içerki bazarlar ýylyň ähli paslynda gök-bakja we miwe önümleri bilen üpjün ediler
27.06.2019 614 Habarlar

26-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow içerki bazarlary gök-bakja we miwe önümleri bilen ýylyň dowamynda üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu önümleri ýitgisiz saklap, terligi bilen ilata ýetirmek üçin ýurdumyzda hereket edýän ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlaryň umumy kuwwaty 30 müň tonna barabardyr. Goşmaça kuwwatlyklary döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary umumy kuwwaty 153 müň tonna barabar bolan, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ammarlar toplumlaryny gurmak boýunça birnäçe taslamalary işläp taýýarladylar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek üçin degişli önümçilikleri ýola goýmak meýilleşdirilýär.