milli goshun logo
Hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
Hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
1 gün öň 15 Habarlar

Düýn – 17-nji sentýabrda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ýygnananlar GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, döwletimizde daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy.