Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini
has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligine 400 sany «Hyundai AII New Super
Aero City» kysymly şäher içi awtobusy hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we
sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Koreýa Respublikasynyň «Hyundai»
korporasiýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.