21-nji iýunda
sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer Ç.Gylyjow Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak
maksady bilen ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi hem-de hususy ulgamy
höweslendirmek, onuň milli ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak boýunça nobatdaky
çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Meýilnamada
önümçilik kärhanalarynda sanly ulgamy köpçülikleýin ornaşdyrmak, işewürligi
ylmy-barlag, oýlap tapyjylyk işine hem-de tehnologik işläp taýýarlamalara
çekmek, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak üçin şertleri
döretmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak boýunça taslamalary goldamak
ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.
Oba
hojalygynda suwdan rejeli peýdalanmak hem-de suwy tygşytlaýjy enjamlaryň
çykarylmagyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi. Göz öňünde tutulýan
çäreleriň birnäçesi telekeçileriň ulag we logistika ulgamyna goşandyny
artdyrmaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen
birlikde, hususy kärhanalaryň bellige alynmagynyň, ygtyýarlylandyrylmagynyň,
bank karzlarynyň berilmeginiň kämilleşdirilmegi hem-de daşary söwda amallarynyň
netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça teklipleri taýýarlamak meýilleşdirilýär.