Ýurduň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda oba hojalyk önümlerini saklamak üçin ilkinji hususy döwrebap sowadyjy ammar bina edilýär. Ol birwagtda 350 tonna gök önümi we miwäni saklamaga niýetlenendir. Bu ýöriteleşdirilen desgany Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň daşoguzly agzasy Sarybaý Hanbaýew gurýar. Wasabat geňeşliginiň çäginde ýerleşen täze bina 1,6 gektar meýdany eýeleýär. Häzir bu ýerde Ýewropada öndürilen häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan esasy ammar binasynyň gurluşygy tamamlanýar. Bu bolsa dürli göwrümli otaglarda önümleri ter-täze ýagdaýda saklamak we zaýalanmagynyň öňüni almak üçin amatly şertleri awtomatik ýagdaýda döredip, üýtgewsiz saklamaga mümkinçilik berer.