Şu ýyl Türkmenistanyň oba hojalyk öndürijileri bakjadan, miwedir gök önümlerden we kösükli ekinlerden bol hasyl aldylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň maglumatlaryna görä, azyk önümleriniň agramly bölegi hususy mülkdar hojalyklar we işewürlik gurluşlary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilipdir. Türkmen telekeçileri täze suwarymly ýerleri artdyrmagyň, bu ýerlerde goşmaça ekin ekmegiň, üzümdir miweli agaçlary oturtmagyň we ýyladyşhanalaryň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümçiligini artdyrmak ugrunda iş alyp barýarlar. Bu bolsa içerki bazary doly üpjün etmäge we eksporty artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň telekeçileri pomidor üpjünçiligini artdyrdylar. Bu gök önümiň eksport mukdary geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse artmak bilen, 51 müň tonnadan gowrak boldy. Köp hojalyklar täze ýyladyşhanalar gurup, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlary we ösümliklere ideg etmegiň innowasion usullaryny ulanmak bilen, pomidor ösdürip ýetişdirýärler.
Hususy hojalyklar bakja önümlerini we almalary Russiýa Federasiýasynyň sebitlerine we GDA ýurtlaryna işjeň eksport edýärler. Telekeçiler daşary ýurtlara iberilýän süýji-köke we azyk önümleriniň öndürilişini birnäçe esse artdyrdylar.