milli goshun logo
Hünärmenler migrasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Hünärmenler migrasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
05.02.2021 420 Habarlar

4-nji fewralda paýtagtymyzda Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň ýurdumyzdaky bilermenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Oňa türkmen tarapyndan Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onda şu ýyl üçin bellenilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. 2019-njy ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan 2020-2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriniň Milli meýilnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Maslahatyň dowamynda migrasiýa boýunça milli strategiýanyň taslamasyny taýýarlamagyň, bu ugurda görkezijileri ýygnamagyň we olary seljermegiň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.