milli goshun logo
HPG: 2019-njy ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň 6,3% derejede ösmegine garaşylýar
HPG: 2019-njy ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň 6,3% derejede ösmegine garaşylýar
18.11.2019 603 Habarlar

Aşgabatda 5-12-nji noýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) hanym Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş saparynda boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň maksady Türkmenistandaky häzirki makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermekden, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de maslahatlary, şol sanda pul – maliýe ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Iri maliýe guramasynyň bilermenleri ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewürler hem-de diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem-de geňeşmeleri geçirdiler, olaryň barşynda halkara bilermenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy netijeleri bilen tanyşdyryldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna hem-de pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlaryna seljerme berildi, hasabatlara garalyp, olaryň esasynda makroykdysady çaklamalar düzülýär.

Sapar tamamlanandan soňra HPG-niň wekiliýeti öz saýtynda maglumat habaryny beýan etdi, onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň strategiýasyny maýa goýumlaryň hem-de importuň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň we eksporty höweslendirmegiň, maksatlaýyn ýeňillikli karzlary bermegiň, şeýle hem bu strategiýadan gelip çykýan halkara amallarda we töleglerde daşary ýurt pulunyň giň gerimli gözegçilik çäreleriniň hasabyna amala aşyrmagy dowam etdirýändigi bellenilýär.

Bularyň ählisi bilermenleriň pikirine görä, 2019-njy ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş derejesiniň 6,3 göterime ýetiriljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär.