16-njy
noýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk
etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň
ilkinji mejlisi boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl bu gaznanyň ýanynda onuň
esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýaşulular geňeşini döretmek
çözgüdi kabul edildi.
Gahryman
Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçirilýän bu günki
duşuşykda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, degişli Kanunlary bilen baglanyşykly
meseleleriň hem-de howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek boýunça
öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Soňra
mejlise gatnaşýan ýaşuly nesliň wekillerine söz berildi.