7-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň
dowamynda ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek
bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara
gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy
ýa-da meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda
iki goňşy döwletiň arasynda işjeň syýasy dialog ýola goýuldy. Türkmen-özbek
söwda-ykdysady gatnaşyklary depginli ösdürilýär, ylym, bilim,
medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär hem-de pugtalandyrylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, parlamentara gatnaşyklar hem ösdürilýär. Taraplaryň
pikiriçe, munuň özi bar bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär.