4-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ýene-de bir kitabyň çap edilendigini aýtdy. Merdana halkymyzyň gadymyýetden gelýän taryhyny öwrenmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde bize zerur bolan tejribäni toplamaga mümkinçilik berýändigini hem-de şu meselede döwürleriň geçmegi bilen gadymy çeşmeleriň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu kitabyň hemmeler üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna umyt bildirdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler P.Agamyradowa, M.Mämmedowa, Ç.Amanowa Halk Maslahatyna çenli galan döwrüň içinde bu kitabyň tanyşdyryş çäresini geçirip biljekdigini aýtdy.