milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi sapary tamamlandy
20.12.2024 770 Habarlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde geçirilen giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Netijede, resmi saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda wiza talaplaryny kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyk hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany; Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-I» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany alyşdylar.