22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi
saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna
gatnaşdy.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde BAE-niň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda hem Emirlikleriň iri
işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga
çalyşýandygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar»
we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan
Türkmenistanda maýa goýum işinde hem üstünlikli işlemek üçin giň
mümkinçilikleri açýar.
Açyklyk, ynanyşmak ýagdaýynda geçen işewürlik maslahatynyň
çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň
mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, haryt dolanyşygynyň möçberini
artdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we
diwersifikasiýalaşdyrmak babatda anyk teklipler beýan edildi.
«Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde
geçirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy forumyň örän netijeli
häsiýete eýe bolandygyny tassyklady.