milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
17 sagat öň 16 Habarlar

Düýn – 19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara YÖB-niň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär. YÖB bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek barada-da aýdyldy. Mundan başga-da, bu maliýe düzümi bilen Türkmenistanyň banklarynyň, hususy pudagynyň arasynda täze, has netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.