Düýn – 27-nji martda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş
sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik
üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz
döredijilikli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we
halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýär.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu
düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip
pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki işiň toplanan oňyn
tejribesi bu babatda ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu köptaraply düzümiň işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş
sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
däp bolan netijeli dialoga ygrarlydygyny tassyklap, umumy abadançylygyň
maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam
bildirdiler.