milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenç etdi
Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenç etdi
15.08.2024 247 Habarlar | Sport

Düýn – 14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Bedenterbiýe, sport, işjeň dynç alyş, şol sanda welosipedli gezelençler adamlary uly üstünliklere höweslendirip, täze başlangyçlar üçin güýç-kuwwat berýär. Şeýle gezelençler dynç alşy işjeň fiziki hereket bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.