17-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew
ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýyl ýurdumyz
boýunça jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, 82 müň 400 tonna şaly
hasylyny öndürmek boýunça Kararyň taslamasy hödürlenildi. Hususan-da, Daşoguz
welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna hem-de Lebap welaýatynda 10 müň
200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, wise-premýere gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek bilen bagly
meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi
ýaly, obasenagat toplumynyň kuwwatyny has-da artdyrmak, dokma senagatyny
gymmatly çig mal bilen üpjün etmek hem-de degişlilikde, ýurdumyzyň eksport
kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin bu oba hojalyk möwsüminiň ähmiýeti örän uludyr.
Milli Liderimiz «Türkmenistanda 2020-nji ýylda
şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy
ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu oba hojalyk ekininiň ýurdumyzyň
ilaty üçin däbe öwrülen azyk önümidigini nazara almak bilen, resminamada
kesgitlenilen wezipeleri amala aşyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.