Döwlet
Baştutanymyz zähmet rugsadynda çeper döredijilik bilen meşgullanyp, türkmen
alabaýy hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazdy. Tohum arassalygyny
we gadymylygyny saklap galan bu itleri ahalteke bedewlerimiz, ajaýyp
halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy mirasynyň bir bölegi diýip
hasaplamak bolar.
Ägirt
uly ylmy-barlag maglumatlaryň jemine, ylmy neşirleriň we golýazmalaryň
öwrenilmegine esaslanan täze iş milli Liderimiziň türkmeniň buýsanjy we baýlygy
hakynda ýazan kitaplarynyň üstüni ýetirer. Türkmen halkynyň ençeme nesilleri
tarapyndan toplanan taryhy tejribe, däp-dessurlar, medeni miras we ruhy
gymmatlyklar ösüş we öňe hereket etmek üçin ygtybarly esas, güýjüň çeşmesi we
özüňe ynam bolup hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow belleýär.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabyň soňky setirlerini ýazyp, onuň
senesini we goluny goýdy. Ol ýakyn wagtda çap edilip, öz okyjylaryny
alabaýyň tohumy, onuň döreýşi, güjüklerine tälim bermegiň usullary, köpeltmegiň
esaslary bilen tanyşdyrar. Neşir okyjylaryň giň gatlagy üçin bolşy ýaly,
türkmen itleriniň taryhyny, alabaý güjüklerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny
öwrenýän hünärmenler üçin hem gyzykly bolar.