24-nji
sentýabrda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan,
Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň
binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Her desganyň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup,
birbada 700 ýolagça hyzmat etmäge hem-de şäher, şäherýaka, şäherara ugurlarda
awtobus ýolagçylaryna ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge niýetlenendir.
Meýdanlary 2150 hem-de 2100 inedördül metr bolan açyk hem-de ýapyk
awtoduralgalar, degişlilikde, 100 we 112 ýeňil awtoulaga niýetlenendir.
Şeýle-de bu ýerde halkara hem-de şäherara awtobuslar üçin duralga, şäher
awtobuslary, taksi ulaglary üçin meýdança göz öňünde tutulypdyr.
Täze ýolagçy awtomenzilleriniň açylyp ulanmaga berilmegi
mynasybetli, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryna Türkmenistanyň
Prezidentiniň adyndan awtoulag serişdeleriniň açarlary gowşuryldy. Milli
däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýaşuly nesliň wekilleri awtoulaglara un sepip,
üzärlik tütetdiler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň
gülläp ösmegi barada doga-dileg etdiler.