9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny
sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň
ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine kuwwatly itergi berýändigini nygtady.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Aşgabat şäherinde birnäçe önümçilik we
medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalary yzygiderli gurup ulanmaga berýäris.
Şu gün hem paýtagtymyzyň günorta tarapynda gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar
toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp, işe goýberýäris diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy
Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti
tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu döwrebap desgalar toplumynyň jemi uzynlygy 49
kilometre barabardyr. Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynda
täze binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleri, häzirki zaman sanly
tehnologiýalary ulanyldy.
Bu döwrebap desgalar toplumy suw saklaýjy açyk howuzlary,
köprüleri, suw sorujy beketleri, 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen
kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri we beýleki inženerçilik
ulgamlaryny öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.