10-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň
täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen
tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir bilen
welaýatyň täze edara ediş merkezine gelip, gurluşyk işleriniň barşy, binalaryň
ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde gurulýan binalaryň
taslamalary bilen tanyşdy. Merkeziň çäginde gurulýan medeni-durmuş maksatly
binalaryň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň ýanynda ýerleşýän
harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we
üzümçilik meýdanyna geldi.
Müdirligiň ýolbaşçysy bu ýerde üzümleriň örän köp
görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilýändigini, «kärizek» üzüminiň ekilenine 4 ýyl
bolandygyny we onuň doly hasyla durandygyny habar berdi. Milli daýhançylyk
däpleri bilen häzirki zaman ylmynyň utgaşdyrylmagynda döredilen üzümiň täze
görnüşi ýokary hasyllylygy, süýjüligi we durumlylygy bilen tapawutlanýar.
Döwlet Baştutanymyz müdirligiň üzümçilik meýdanlarynda
ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň görnüşleri bilen hem tanyşdy. Bu ýerde üzümiň
10 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olar «kärizek», «şaserpaý», «taýpy», «rowaç»,
«türkmen içkimar», «sary kişmiş», «sagdäne», «garrygala», «akdäne», «gyzyl üzüm»
ýaly görnüşlerden ybaratdyr. Olaryň her biriniň ähmiýetli tarapy bolup,
ýokumlylygy we süýjüligi babatda biri-birinden tapawutlanýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň Hojalyk müdirligine degişli ekerançylyk meýdanlarynyň çäginiň
giňeldilmeginiň, ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşleriniň
artdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe
tabşyryklary berdi.